“Awtohauz GmbH” HOJALYK JEMGYÝETI BMW/MINI HARYTLARYNY TÜRKMENISTANA  GETIRÝÄN RESMI IMPORTÝORDYR

Türkmenistanda yzygiderli kämilleşýän öňdebaryjy awtomobil brendleriniň biridir. Şu günki günde  “Awtohauz GmbH” HJ öz portfelinde 7 sany brendi jemleýär: Rolls¬Roys, BMW, MINI, Motorrad, BMW I, BMW e, BMW M. “Awtohauz GmbH” kompaniýasynyň işleri awtomobilleri satmakdan, kepilli we kepillilik möhletinden soňky hyzmatlary amala aşyrmakdan, şeýle hem asyl nusgadaky ätiýaçlyk şaýlaryny we degişli zatlary satmakdan ybaratdyr. Biz hatda her bir ownuk zatlarda hem birkemsiz bolmaklyga synanyşýarys, öz müşderilerimiz üçin ýatdan çykmajak pursatlary döredýäris.

"Awtohauz GmbH" HJ ÄHMIÝETI

Biz müşderileriň umyt-arzuwlaryny öňünden duýup, elmydama bäsdeşlerden bir ädim öňde bolmaklyga synanyşýarys:

  • Öňdebaryjylyk we aýdyňlyk
  • Stil we hyjuw
  • Durnuklylyk we yhlaslylyk
 

"Awtohauz GmbH" HJ TARYHY

1999 - döredilen wagty 

2002 - "Awtohauz GmbH" söwda we hyzmat merkeziniň açylmagy (rebilding)

2005 –  zalynyň meýdanyny artdyrmak bilen binanyň abatlanmagy 

2011 – binanyň abatlanmagy, daşky örtgi işleri, 2 gat artdyrylmagy  

2012 - şäher taslamasynyň üýtgedilmegi bilen baglylykda binanyň ýykylmagy

2015 - hyzmatlar merkeziniň resmi taýdan açylyşy. Salgysy: G. Kulyýew, 10 

2016 - 8 binadan ybarat bolan toplumyň dabaraly ýagdaýda açylyşy, şol binalaryň biri hem BMW ofis merkezidir 

2016 - BMW AG ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda BMW tanyşdyrylyş zalynyň resmi taýdan açylyşy. Umumy meýdany 1000 м2 bolan tanyşdyrylyş zalyna 24 awtomobil, 10 motosikl we 2025 welosiped ýerleşýär 

2017 - ajaýyp MINI brendi bilen kompaniýanyň portfeliniň üstüniň ýetirilmegi

 

 

"Awtohauz GmbH" HJ AÝRATYN AWTOMOBILLERI TANYŞDYRMAK ÜÇIN  ÝÖRITE BÖLÜNIP BERLEN ZOLAKLARY BOLAN, BMW/MINI HARYTLARYNY TÜRKMENISTANA  GETIRÝÄN RESMI IMPORTÝORDYR:

  • BMW Individual
  • BMW M
  • BMW e

we her günde 20-den gowrak awtomobili hem-de 10-dan gowrak motosikli abatlamaklyga we olara hyzmat etmeklige mümkinçilik berýän Türkmenistandaky iň bir iri BMW и MINI hyzmat ediş stansiýasyny özünde jemleýär.

 

SYLAGLARY WE ÜSTÜNLIKLERI

Esaslandyrylan pursatymyzdan bäri biz öz müşderilerimize bolan adatdan daşary gatnaşygy ýola goýmak üçin hem-de hyzmatlarymyzyň hiliniň nusgalyk derejesinden olaryň lezzet almaklary üçin zähmet çekýäris. Özgermeýän, şol bir galyba salnan ülňüler biz üçin ýatdyr. Öz hyzmatlarymyzy, önümlerimizi, şeýle hem işe bolan çemeleşmelerimizi günsaýyn kämilleşdirýäris. Biziň iş-hereketlerimiziň esasy artykmaçlyklary öz müşderilerimize, olaryň isleg-talaplaryna bolan ünsden ybaratdyr. Her bir müşderi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar, şol sebäpli olaryň her biri bizden aýrybaşga çemeleşmeleri, hyzmatlary alyp bilerler.

  • BMW Group Leadership Club No 1
  • BMW TOP 7 ­ one of the Winners
2007
  • BMW M Performance Winner on the Group
2009
  • BMW Group Leadership No 1
2011
  • President Award Winner
2016
  • M Performance sales winner in Competition 2017
  • Patricipation in organization Aziada 2017
2017
  • Aftersales Winner in Competition 2017
  • Активное участие в организации проведения ралли «Амуль­Хазар 2018»
2018