Hyzmatlar

Esaslandyrylan pursatymyzdan bäri biz öz müşderilerimize bolan adatdan daşary gatnaşygy ýola goýmak üçin hem-de hyzmatlarymyzyň hiliniň nusgalyk derejesinden olaryň lezzet almaklary üçin zähmet çekýäris. Özgermeýän, şol bir galyba salnan ülňüler biz üçin ýatdyr. Öz hyzmatlarymyzy, önümlerimizi, şeýle hem işe bolan çemeleşmelerimizi günsaýyn kämilleşdirýäris. Biziň iş-hereketlerimiziň esasy artykmaçlyklary bolsa öz müşderilerimize, olaryň isleg-talaplaryna bolan aýratyn ünsden ybaratdyr. Her bir müşderi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar, şol sebäpli olaryň her biri bizden aýrybaşga çemeleşmeleri, hyzmatlary alyp bilerler.

-TÄZE HYZMATLAR

  • Şinomontaž (aksiýa teklibi hereket edýär)
  • Arassa howa (aksiýa teklibi hereket edýär)
  • “Uzak ýol” paketi
  • Ýangyç pürküji ulgamlary arassalamak
  • Ýangyç ulgamyny gyzdyryjylary oturtmak 

- BARLAG – ANYKLAÝYŞ IŞLERI

  • Elektron dolandyryş ulgamlary
  • Awtomobiliň hereketlendirijisi (dwigateli)
  • Benzin we dizel hereketlendirijileriniň (dwigatelleriň) ýangyç ulgamlary
  • Awtomobiliň hereketlenýän bölekleri

- ABATLAÝYŞ IŞLERI

  • Awtomobiliň hereketlerndirijisini, şaýlaryny we enjamlaryny ýeňil derejede abatlamak
  • Hereketlenýän bölekleri abatlamak
  • Rul dolandyryş ulgamyny abatlamak
  • Togtadyjy ulgamy abatlamak
  • Benzin we dizel hereketlendirijileriniň (dwigatelleriň) ýangyç ulgamlaryny abatlamak
  • Elektroenjamlary, elektron we elektrik ulgamlary abatlamak
  • Aýnalary gurnamak we çalyşmak
  • Kuzow abatlamak we awtomobilleri reňklemek (ýemşeren ýerleri reňk urmazdan aýyrmak)

- MEÝILNAMALAÝYN HYZMATLAR

  • Döwürleýin tehniki hyzmatlar
  • Ýaglary we tehniki suwuklyklary çalyşmak
  • Howa kondisionirleýiş ulgamlary doldurmak

-SAZLAÝYŞ IŞLERI

  • Yşyklandyryjylary sazlamak
  • Tekerleriň gurnalan burçlaryny sazlamak
  • Togtadyjy ulgamlary sazlamak
  • Rul dolandyryjysyny sazlamak

-ŞINOMONTAŽ

  • Balansirleme (sazlama)
  • Şina abatlaýyş